TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri
Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy. Bu ýaryşda ýurdumyza pälwanlaryň bäşisi wekilçilik etdi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 34 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň 107-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow kumuş medal gaz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynda Daşary işler ministri R.Meredow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.W.Petrişenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatla...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 876 müň...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Aze...
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden...
PREZIDENT GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VI GURULTAÝYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Bu forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we b...