TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin dö...
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň Prezidenti jenap Erik Kuan Çun Hokyň ýolbaşçylygyndaky Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde möhüm ädim bolandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler....
BIŞKEKDE SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda taraplar Toparyň üçünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti...
Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi
Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendir. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan tür...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halk...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Mille...