TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuny kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Hytaý Halk Respublikasyny...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk b...
Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri gepleşikler geçirdiler
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu masl...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşygy hakynda
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň ýo...
Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha ber...
Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň...
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäre...