SOŇKY HABARLAR
Президент Туркменистана принял главу компании «Toyo Engineering Corporation»
28 сентября 2026 года Президент Турменистана Сердар Бердымухамедов принял Президента, Генерального исполнительного директора и представительного директора компании «Toyo Engineering Corporation» Эйджи Хосои, прибывшего в Туркменистан для участия в мероприятиях в честь 35-летия независимости. Выразив главе Туркменистана признательность за уделённое для встречи время и поздравив с Днем независимости, гость отметил, что для него большая честь принимать участие в праздничных торжествах. Эйджи...
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Ş...
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisini...
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle hem bir gün öň Aşgabat şäherinde türkmen...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly goňşy ýurduň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň...