Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinjiň maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuknamalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenildi.

Taslama ara alyp maslahatlaşylanda, resminamada hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň hereketlendiriji güýji bolan telekeçilik işini pugtalandyrmak boýunça syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 11 ýyllyk işiniň dowamynda özüniň ukyplylygyny hem-de anyk işleri çözmekde uly kuwwata eýedigini görkezdi. Häzirki wagtda bu jemgyýetçilik guramasy özüne hususy işewürligiň wekilleriniň 23 müňden gowragyny birleşdirýär. Olara dürli ugurlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny ýerine ýetirmek ynanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýada wekilhanalary, Owganystanda, Hytaýda söwda öýleri açyldy.

Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýarlar. 2018-nji ýylda ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň paýy 64 göterime barabar boldy.

Milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň wekilleriniň öňünde goýlan we olar tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirilýän wezipeleriň hatarynda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleriň önümçiligini görkezmek bolar.

Bu gün hususy işewürligiň wekilleri täze ýerleri özleşdirýärler, ýyladyşhanalary gurýarlar, maldarçylygy we guşçulygy ösdürýärler. Tutuşlygyna alnanda, olar Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyna mynasyp goşant goşýarlar. Telekeçiler haklara hyzmatdaşlygyny giňeldýärler, bilelikdäki kärhanalary döretmekde, iri taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryny çekmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Syýahatçylyk hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işiniň ileri tutulýan ugruna öwrülýär.

Hususy işewürligiň wekilleri ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga ukyply ykdysadyýetiň täze pudaklaryndaky işlere çekilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan olara häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, ýurdumyzyň we onuň ýerasty baýlygy bolan gazylyp alynýan çig mallary işläp taýýarlamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek ynanyldy. 2019-njy ýylyň başynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berildi. Şular ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň telekeçiligini ösüşiň täze belent sepgitlerine çykarmaga gönükdirilendir.

Deputatlar «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň hukuk, guramaçylyk hem-de ykdysady esaslaryny kesgitleýändigini nygtadylar. Hususan-da, onda bu jemgyýetçilik guramasynyň ygtyýarlyklary giňeldilýär. Hukuklary we borçlary anyklaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda, tutuşlygyna alnanda bolsa, milli ykdysadyýetde telekeçiligiň yzygiderli ösüşinde işewürlik jemgyýetçiliginiň ornunyň düýpli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Deputatlar kanunyň taslamasyna garamak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň täze tapgyrynda iri özgertmeleriň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp-ösüşini üpjün etmekde hususy işewürligiň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň barha artýan ornuna üns berdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, telekeçilik bäsdeşligi, goşmaça iş orunlaryny döretmek, sarp ediş ulgamyny ösdürmek bilen ykdysadyýetiň düzüm taýdan üýtgedilip guralmagyna uly täsirini etirýär. Munuň özi telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýär.

Deputatlar «Türkmenistanyň Raýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
«Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek
hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda»,
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna
üýtgetmeler girizmek hakynda», «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda»,
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we
üýtgetmeler girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
«Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna
üýtgetmeler girizmek hakynda» kanunlaryň taslamalaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň barşynda deputatlar Türkmenistanyň birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryny-da ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinji maslahatynda garalmaga hödürlenen kanunlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy we goldanyldy. Deputatlar bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kanunçylygynyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysdy hem-de demokratik özgertmeleriň ýoly bilen Watanymyzyň çalt öňe gitmegi boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň mundan beýläk-de oňyn çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Deputatlar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňe süren iki palataly kanun çykaryjy edarany döretmek hakyndaky başlangyjynyň hem möhümdigini we uly ähmiýete eýedigini bellediler, bu başlangyç umumymilli foruma gatnaşyjylaryň biragyzdan goldawyna eýe boldy.

Halkyň saýlan wekilleri parlamentiň düzüminiň üýtgedilip guralmagynyň, onuň döwletimiziň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasyna öwrülmeginiň hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň käbir maddalarynyň üýtgedilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzda hem-de jemgyýetimizde amala aşyrylýan, durmuş-ykdysady ösüşe has okgunly häsiýet berilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, täze taryhy döwürde kanun çykaryjylyk işinde tutuş halkymyzyň we her bir şahsyýetiň düýpli bähbitlerini has aýdyň beýan edýändigini nygtadylar.

Milli parlamentiň agzalary ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmek ýaly işlere öz güýçlerini we bilimlerini gönükdirjekdiklerini ynandyrdylar.

Mejlisiň deputatlary Konstusion toparyň birinji mejlisiniň jemlerini makulladylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda beýan edilen düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgelerine esaslanýan kadalary we düzgünleri doly goldadylar.

Olar milli parlamentiň düzüminiň kämilleşdirilmegi, ählihalk ara alnyp maslahatlaşylmagynyň barşynda beýan edilen teklipleri we isleg-arzuwlary umumylaşdyrmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna girizilýän özgerişlikleriň ähmiýeti barada saýlawçylaryň arasynda wagyz we düşündiriş işlerini geçirmäge işjeň gatnaşmagy öz wezipeleri hökmünde kesgitlediler.