img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen häzirki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.