«Farap» şypahanasy

Soňky on ýylyň içinde ýurdumyzyň gündogar sebitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň köp sanlysy — hassahanalar, saglyk öýleri, bejeriş merkezleri, şol sanda Merkezi Aziýada iri desgalaryň biri — Türkmenabat şäherindäki 836 orunlyk köpugurly hassahana guruldy we ulanylmaga berildi.
Durky düýpli täzelenip, döwrebaplaşdyrylandan soň, 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda Amyderýanyň sag kenarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Farap” şypahanasynyň ulanylmaga berilmegi ýokarda agzalan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
1986-njy ýyldan bäri mineral çeşmeleriň binýadynda hereket eden, ozal uly bolmadyk şypahana milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda iri döwrebap şypahanalaryň birine öwrülip, öz durkuny düýpli täzeledi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda täze binalaryň birnäçesi, şol sanda 250 orunlyk bejeriş binasy guruldy hem-de saglygyny berkitmäge gelýän adamlara ýokary derejeli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.
Şypahanada anyklaýyş we bejeriş bölümleri, suw bilen bejeriş bölümi bar.
Anyklaýyş bölüminde özboluşly rentgen, endoskopiki enjam, UZI, EKG enjamlary oturdyldy.
Bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalaýyş, iňňe bilen bejeriş, içege kesellerini bejeriş otaglary hem-de bejeriş-bedenterbiýe otagy hereket edýär. Bu ýerde diş we göz lukmanlaryna ýüz tutmak bolýar.
Şypahanada ýokary halkara ölçeglerinde degişli hyzmatlary hödürleýän köpugurly lukmançylyk düzümi döredildi.
Bejeriş otaglarynyň toplumy dünýäniň belli önüm öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary, bejeriş wannalary üçin abzallar bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Farap» şypahanasy geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda gidrogeologlar tarapyndan açylan mineral suwlarynyň ýerasty çeşmesiniň binýadynda hereket edýär. Suwuň hemişelik temperaturasy 39 gradus. Onuň düzüminde himiki mikroelementleriň we birleşmeleriň otuzdan gowragy, şol sanda ýod, brom, magniý, natriniň gidrokarbonaty, kükürtli wodorod, demir, natriniň sulfaty hem-de beýlekiler bar.
Ýod, brom himiki elementleri, mineral duzlar kislorod bilen birleşip, suwuň reňkine sarymtyl öwüşgin çaýýar.
Suwuň melhemlik häsiýetleri guragyryny, nerw ulgamynyň kesellerini, daýanç-hereket ediş, içege, bagyr, öt, ýürek-damar, deri we beýleki keselleri bejermekde netijeli kömek edýär.
Bu ýere dynç almaga gelýänleriň hyzmatynda kükürtli suw we ýodbromly suw hem-de «Şarko» duşy, sirkulýar duşy bilen bejeriş otaglary, bejeriş wannalary, suw bilen owkalaýyş bölümleri bar.
Wannalar kabul edilende, rahatlandyryjy täsir ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikleriň erginlerini peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Şol ösümlikler barada Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli işinde jikme-jik beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň, diýmek, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir.
Hünärmenler bejeriş-öňüni alyş işini kämilleşdirmegiň dürli mümkinçiliklerini özleşdirýärler. Ýakynda bu ýerde täze bölüm — galo terapiýa usuly bilen bejeriş bölümi açyldy, munuň üçin «duzly gowak» döredildi.
Ony döretmek üçin Lebabyň günorta-gündogar böleginde Köýtendag etrabynyň daglyk ülkesinden ak tegmilli gyzylymtyl-goňur reňkli iri daşlar getirildi, Türkmenabatda ýerleşen degişli barlaghanalarda zerur seljerme we barlag işleri geçirildi.
«Duzly gowakda» näsaglar ýodlaşdyrylan iri nahar duzunyň ýere sepilen gatlagynda aýakýalaňaç ýöreýärler. Kameranyň merkezinde duzly daşlar tebigy görnüşinde ýerleşdirildi. Bejeriş çäresi 20 minut dowam edýär.
Tejribäniň görkezişi ýaly, galo terapiýanyň ulanylmagy dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde aýratyn oňat netije berýär.
«Farap» şypahanasynyň bagy-bossanlyga bürenen çäginde diňe bejergi almak üçin däl-de, eýsem, adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin hem amatly şertler döredildi. Iki adam üçin niýetlenen otaglar, döwrebap amatlyklar bilen üpjün edildi. Şypahananyň binalary howany salkynladyş we ýyladyş merkezleşdirilen ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Tagamly naharlar, baglaryň saýasynda dynç almak, medeni çäreler bu ýere gelýänlerde uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Fitoterapiýa otagynda, ýörite fitobarda adamlar bereketli türkmen topragynda ösýän otlardan taýýarlanylan melhem suwlardan, bejeriş çaýlaryndan, şerbetlerden içip bilýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmenler ençeme asyrlaryň dowamynda milli lukmançylykda ösümliklerden üstünlikli peýdalanypdyrlar.
Amyderýanyň kenaryndaky şypahanada Türkmenistanyň ähli sebitlerinden adamlar saglygyny berkidip, güýç toplap, dynç alýarlar. Olaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.
2018-nji ýylda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden adamlaryň 7 müň 600-den gowragynyň, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň birinji ýarymynda bolsa, 3 müň 750-ä golaý adamyň saglygyny berkidendigini bellemelidiris.
Şeýlelikde, halkymyzyň, her bir raýatymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän ulgamy bolup durýar.