SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Mejlisiň başynda taraplar bilelikde geçirilen işleriň netijelerine garadylar we 2012-nji ýylyň 7-...
ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Husseinzoda bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary we iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerinde k...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) syýasy departamentiniň direktory Skot Seward Smit bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga we Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşy zerur taslamalary amala aşyrmak boýunça kabul edilen amaly ädimlere ünsi çekdiler. Şeýle hem Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün et...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Pankin bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça teklipler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen-rus hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. Ýokary derejede, şol sanda halkara ähmi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaeskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bell...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...