SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysyml...
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
29-njy awgustda ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekişine Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 22-nji awgustda, Gurban baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda geçirilen b...
Türkmen topary “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýar
Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen ýygyndy toparynyň bu ýaryşa gatnaşýan agzalaryna sürüjilik şahadatnamalary we milli Liderimiziň adyndan degişli lybaslar gowşuryldy. Ýurdumyzyň Içeri işler m...
Resmi habarlar
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak hem-de wagyz etmek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek we “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna Türkm...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalaryny hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Başt...
Türkmenistanyň medeni mirasy — adamzadyň baýlygy
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, belli alymlar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatn...
Türkmenistan — ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistika ulgamynda bilim bermegiň guralyşynyň düýpli esaslaryna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahaty “2016 — 2020-nji ýyllar üçin adam hukuklaryny goramak babatda hereket etmegiň milli meýilnamasynyň” düzgünlerini durmuşa geçirmäge ýardam bermegiň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Oňa Türkmenistanyň Da...