SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiý...
Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdil...
Сотрудничество Туркменистана с Европейским банком реконструкции и развития выходит на новый уровень
28 июля 2026 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялась встреча Министра иностранных дел Рашида Мередова с Президентом Европейского банка реконструкции и развития (ЕБРР) Одиль Рено-Бассо. В ходе встречи стороны отметили, что сотрудничество Туркменистана с ЕБРР продолжается по восходящей линии. Было подчеркнуто, что ЕББР поддерживает курс диверсификации экономики Туркменистана, который активно поддерживает развитие «зеленой» энергетики, региональной взаимосвязанности и вне...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryn...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Gur...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär. Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybi...
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de geljekki döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar 2024–2026-njy ýyllar üçin Halkara yns...