img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlugyň, doganlygyň we...

DOWAMY
pic
26 Few

GANA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...

DOWAMY
pic
26 Few

Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler. Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr. Hazar deňzi — dünýäde iň uly içerki suw ulgamy. Deňizleriň arasynda Hazar tebigy künjekleriň...

DOWAMY
pic
26 Few

Täze weterinar hassahanasy — haýwanat dünýäsi hakynda alada

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatynda döwletimiziň howandarlygynda geljekde haýwanat dünýäsini goramak boýunça merkeziň esasy bolup hyzmat etjek merkezleşdirilen weterinar hassahanasyny döretmek baradaky teklibi ýurdumyzyň hökümetiniň ykdysady we durmuş taslamalarynda işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işjeň goldanyldy. «Rysgal» paýdarlar tä...

DOWAMY
pic
26 Few

“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary,  maýa goýumlar...

DOWAMY
pic
26 Few

Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy. Çäre howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, ýerden netijeli peýdalanmak boýunça GIZ-niň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçi...

DOWAMY
pic
26 Few

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym we bilim ulgamlarynda durmuşa geçirilen möhüm özgertmelere we şanly wakalara beslendi. Bu iki düzümleýin ugra jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarlaryna çykarmakda wajyp orun degişlidir. Bilim ulgamynyň sazlaşykly kämilleşdirilmegi umumymilli bähbitleriň we her bir adamyň bähbidiniň utgaşmagynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdy...

DOWAMY