SOŇKY HABARLAR
Türkmen türgenleriniň Dünýä çarwadarlarynyň festiwalyndaky medallary
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar. Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän ýaryşlara Bütindünýä etnooýunlar konfederasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň 77 ýurdundan türgenleriň 725-den gowragy gatnaşýar. Etnofestiwala gatnaşyjylar...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Petsi Reddä ýurduň Kraýstçerç şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda aýdylýar. Türkmenistany...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE YLMY-BARLAGLARY GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa...
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ankara geldi. Türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygy Ilçi Ýönet Jan Tezel baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasan ik...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KOREÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we köptaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp geçdiler. Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
Türkmenistanyň adamlaryň durmuş ulgamyna degişli bähbitlerini we zerurlyklaryny üpjün etmek meselelerini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynda milli lukmançylyk ulgamyny ösdürmek möhüm görkezijileriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan uzak möhletleýin «Saglyk» Döwlet maksatnamasy milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine bolan täzeçil çemeleşmäni öňe sürdi. Munuň özi keselleriň ö...