SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...
TÜRKMENISTANYŇ GDA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ KONSEPSIÝASYNA LAÝYKLYKDA TÜRKMENISTANDA GEÇIRILMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄN ÇÄRELER
15 - 16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Kar...
POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäheri) Marek Salka bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümini toplumlaýyn dö...
BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Nikolaý Ýankow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardy...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbegist...
«ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ТÜRKMENISTAN-ÝB DIALOGYNYŇ» NOBATDAKY TAPGYRY AŞGABATDA GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi. ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşar...