RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň 4-nji mejlisi öz işini tamamlady. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň DIM-i, Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanas...

DOWAMY
pic
26 Few

Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli...

DOWAMY
pic
25 Few

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaş...

DOWAMY
pic
25 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Ermenistanyň Hökümetiniň Başlygy däp bolan hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak m...

DOWAMY
pic
25 Few

BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş sapar bilen bolýar. Saparyň çäklerinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebitgaz we himiýa toplumlaryna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodl...

DOWAMY
pic
25 Few

ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA

2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda...

DOWAMY
pic
25 Few

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňziniň biologiýa serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça 4-nji mejlisi öz işine başlady. Iki günlük duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meselel...

DOWAMY