TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan — Bolgariýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda iki ýurduň esasy pudaklarynyň, şol sanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, derman senagaty, oba hojalygy, maýa goýum ulgamlarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilermenleri bar. 30-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko...
Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisi
Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan geňeşiniň şu gün geçirilen birinji mejlisinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şu duşuşyk birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridir. Ýygnananlar mejlisi açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň dos...
Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Sebitiň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny we ähmiýeti, sanly ykdysadyýet hem-de aýratyn...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...
TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýand...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçmek bilen, maddy we maddy däl m...
EKSPEDITORLYK ASSOSIASIÝALARYNYŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň (FIATA) Prezidenti Babar Badat bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda myhman Türkmenistanyň FIATA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdi, şeýle hem tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmeginiň we giňeldilmeginiň nu...