TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASY KABUL EDILDI
Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy ga...
BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA SAMMIT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereşiň başlangyjy boýunça Howanyň üýtgemegi ulgamyndaky hereketleriň 2019 sammiti geçirildi. Çärä BMG-niň BA-nyň 74-nji mejlisiniň ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gelen bu guramanyň agza-döwletleriniň dürli derejelerdäki wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatn...
AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХII MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ikinji ý...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...
Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlaghanasyna (Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi) dümew keseli boýunça Milli merkez derejesiniň we şol bir wagtda dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň agzasy derejesiniň berlendigi hakynda hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent derejeleriniň nobatdaky s...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Maltadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini we suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtobenzini satyn aldylar....