RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Dek

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň oňyn netijeleri

“Ak durna” hususy kärhanasy her gün Daşoguzyň söwda nokatlaryna ýüzlerçe kilogram täze balyk ugradýar. Kepiriň, akmarkanyň, çapagyň we beýleki balyklaryň alyjysy ýetik. Şu ýyl “Ak durna” sebitde balyk ýetişdirmeklige we tutmaklyga ýörüteleşdirilen iň uly hususy kärhana boldy, bu bolsa bäsleşik esasynda ozalky “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagynyň oňyn netijesidir.  Kärhananyň täze eýelerine edara jaýy, kakadyjy we sowadyjy sehli senagat zolagy, motorly gaýyklaryň onlarçasy ýet...

DOWAMY
21 Dek

Lebap welaýatynda ýene bir guşçulyk toplumy işe girizildi

Lebap welaýatynda 500 tonna ýokary hilli towuk etini we 2,5 million ýumurtga öndürýän döwrebap guşçulyk toplumy işe girizildi. Ony Çärjew etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Eşret” daýhan birleşiginiň işgärleri gurdular.  Önümçilgiň başlangyç tapgyrynda bu ýerde 20 müňe golaý guzlaýan towuk we ete niýetlenen jüýjeleriň 25 müňüsi saklanylýar. Olary döwrebap tehnologiýalar boýunça saklamak, idetmek, towuk etini gaýtadan işleme...

DOWAMY
21 Dek

Oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili gowulanýar

Türkmen aragtanaşykçylary ýurdumyzyň alysdaky ilatly ýerlerinde aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlaryny ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Täze ýylyň öňüsyrasynda “Altyn asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň obalarynyň on ikisinde 2G we 3G ölçegli binýatlaýyn stansiýalaryň we anten-diň desgalarynyň oturtma hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini tamamladylar.  “Altyn asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleri gum obalarynda Gün e...

DOWAMY
21 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...

DOWAMY
21 Dek

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärler...

DOWAMY
21 Dek

Pudaklaýyn forumlar — 2018: ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş we sport: innowasiýalar ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir. Ilkinji nobatda, ylym we bilim, şeýle hem diňe bir tehnologiýalary çekmek babatda däl, eýsem, milli ylym-bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar. Bu...

DOWAMY
21 Dek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär....

DOWAMY