TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary O.W.Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti d...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wek...
В КАБУЛЕ ОБСУЖДЕНЫ ВОПРОСЫ ТУРКМЕНО-АФГАНСКОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
1-2 февраля текущего года состоялся визит делегации МИД Туркменистана во главе с министром иностранных дел Р.Мередовым в Исламскую Республику Афганистан. 1 февраля туркменская делегация была принята Президентом Афганистана Мохаммадом Ашрафом Гани. В ходе встречи был обсужден широкий круг вопросов, связанных с дальнейшей активизацией политико-дипломатического взаимодействия, расширением экономического сотрудничества, развитием культурно-гуманитарных связей между двумя странами. При этом,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...
HINDISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany bir...
TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de...