TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady. Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir. Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giň...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklan...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn! Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we do...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda ýapon hökümetiniň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary baradaky ýagşy ýatlamalar ynsan kalbynda hemişelik saklanar. Hormatly Prezidentimiz Gurbang...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostl...
TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum gibrid görnüşinde öz işine başlady. Bazaryň uglewodorod toplumy babatdaky bu iri çäräni gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle-de “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Turkmen Forum, GaffneyCline, TAPI, TNGIZT bolsa bile...
TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň weki...