RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE SAPARY

2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde – Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bardyr. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE SERBIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-serbiýa gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ymtylýandyklary bellenilip geçildi.   Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-y...

DOWAMY
pic
6 Iýun

OWGANYSTANDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy iýunynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ GATNAŞMAGYNDA IRI ENERGETIKA WE ULAG TASLAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERI IKITARAPLAÝYN GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Saparyň birinji gününde, ýagny 5-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen we owgan wekiliýetleriniň giňişleýin geňeşmeleri geçirildi. Wekili...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI PETERBURG HALKARA YKDYSADY FORUMY 2021-E GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň esasy maksady 24-nji Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybarat. Halkara möçberli bu hökümet çäre dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we dünýäniň...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi

Bu gün ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Häzir Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň simwolydyr. Türkmenistan şeýle uly ähmiýetli başlang...

DOWAMY