TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTAN WE HHR STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara...
HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY
2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...
TURKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI ILERI TUTULÝAR
Şu gün, 8-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy...
TÜRKMENISTANYŇ WE MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DEREJESINDE SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-marokkan syýasy maslahatlaşmalar geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, marokkan tarapyna bolsa Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritan ýolbaşçylyk etdi. Maslahatlaşmanyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mes...
Hazarýaka ýurtlaryň Baş prokurorlary Hazaryň ekologiýasynyň goragy boýunça jarnama gol çekdiler
Russiýanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Baş prokurorlary daşky gurşawyň goragy we Hazar deňziniň tebigy gorlaryny ulanmak barada jarnama Sank-Peterburgda gol çekdiler. Bu şu tema boýunça ilkinji döwletara resminamadyr. “Hazar deňzi biziň ýurtlarymyzyň çäklerini bir bitewi ekologik ulgama bileşdirmek bilen, bäş döwletiň ählisi üçin-de ägirt uly ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy goramak boýunça bilelikde alnyp baryljak iş Hazara oňyn täsir eder. Bu resminama gol çekilm...