img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÄZE BELLENEN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi....

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm...

DOWAMY
pic
20 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.  “CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapy...

DOWAMY
pic
15 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy. Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň özarabähbitli tagallalaryň birleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugurlar...

DOWAMY
pic
15 Iýun

В этот же день в резиденции Верховного духовного лидера Исламской Республики Иран состоялась встреча Президента Туркменистана с Аятоллой Али Хаменеи, в которой также принял участие Президент Сейед Эбрахим Раиси. Тепло и сердечно приветствуя главу государ

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasyna bardy we ol ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy. Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň...

DOWAMY
pic
15 Iýun

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, geljegi uly hasaplanylýan gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar, şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe...

DOWAMY
pic
15 Iýun

MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji...

DOWAMY