RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Noý

UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Muhammat Tezikuba Kisambira  özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Türkmen paýtagtyna geldi. Taraplar mähirli salamlaşandan soň, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde ýokary derejeli...

DOWAMY
pic
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDILER

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna Stambulda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna, şikes ýetmelere we ejir çekmelere getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.   Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy 14.11.2022

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Samarkant şäheriniň şu gezekki duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz we türk Lideri mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar. Munuň özi täze taryhy eýýamda türki dilli halklaryň arasyndaky köpasyrlyk...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bi...

DOWAMY
pic
11 Noý

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI» BILEN SYLAGLANMAGY

Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeş...

DOWAMY
pic
10 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň...

DOWAMY