SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, şeýle hem hormatly Arkadagymyza Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostluk...
BMG-NIŇ DÖREDILMEGINIŇ 78 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýa...
TÜRKMENISTAN BILEN UNOPS-YŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bil...
“MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÇÄGINDE DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BOÝUNÇA PRESS-RELIZ
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy. Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyz...
AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN ÇÄRELER
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik maslahatynyň birinji sessiýasy, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda ýaşlaryň telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldanylmagynyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlaryndaky...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA “ÝOL KARTASYNA” GOL ÇEKILDI
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi. “Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegista...