TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlary...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň şu saparynyň ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň hem-de Premýer-ministri Irakliý Ko...
Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Ta...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyny şanly ýaş toýy we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Söhbetdeşligiň d...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...
В МИД Туркменистана прошла встреча с делегацией Парламентской ассамблеи ОБСЕ по Центральной Азии
5 апреля 2024 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялась встреча Заместителя министра МИД Туркменистана М.Бяшимовой с делегацией Парламентской ассамблеи ОБСЕ по Центральной Азии во главе со специальным представителем Фара Карими. В ходе встречи состоялся обмен мнениями о состоянии и перспективах дальнейшего развития межпарламентского сотрудничества, выступающего важной составляющей межгосударственного диалога на двусторонней и многосторонней основах, прежде всего в рамках ме...
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslah...