RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Dek

Özbegistanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Söhbetdeşl...

DOWAMY
pic
2 Dek

Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ermenistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary mun...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...

DOWAMY
pic
30 Noý

Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar. Şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk...

DOWAMY
pic
29 Noý

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ge...

DOWAMY
pic
29 Noý

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan bo...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Pia Kauma wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtal...

DOWAMY