Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti öz işine başlady

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlady. Sammite gatnaşmak üçin Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin kenarýaka döwletleriň Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary halkara we sebitiň gün tertibinde duran taraplaryň ählisi üçin bähbitli wajyp meseleler boýunça pikir alşarlar.

Mundan başga-da, altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.