Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz tüýs ýürekden gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan netijeli bilelikdäki işi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri ýurtlarymyzy dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär, munuň özi asyrlaryň dowamynda emele gelen iki halkyň taryhy-medeni hem-de ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir, häzirki döwürde bolsa, bu gatnaşyklar täze derejä we many-mazmuna eýe bolýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugrudygyny belläp, hormatly Arkadagymyz we doslukly döwletiň baştutany energetika ulgamyndaky, şol sanda Hazar deňziniň giňişliginde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bu ugurda köp işleriň edilendigini we häzirki döwürde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň tutuş sebitiň ösüşinde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.