TÜRKMENISTANYŇ BMG BÝKM BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunlukda, ynsanperwerlik ulgamyndaky howpsuzlygyň özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygy hem beýan edildi.

Türkmenistan BMG-niň bosgunlar hem-de apatridler boýunça esasy halkara-hukuk resminamalaryna gatnaşmak arkaly, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny iş ýüzünde subut edýär, diýip W.Hajiýew belledi. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara, raýatsyzlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek bilen, halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM-niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk «I BELONG» global kampaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýändir.

Türkmenistan şeýle-de BMG BÝKM-niň ugry boýunça dürli derejelerde geçirilýän gepleşiklere hem-de duşuşyklara yzygiderli gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan Bilelikdäki işleriň Meýilnamasynyň çäklerinde ýaş nesliň hem-de hünärmenleriň bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly meseleler boýunça habarlylygynyň ýokarlandyrylmagy we mümkinçilikleriň giňeldilmegi babatynda ähmiýetli işler ýerine ýetirildi.

Türkmen tarapy şeýle-de BMG BÝKM-niň wekilini 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylmagyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.