TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÜNÝÄ SYÝASATYNA HUKUGA BOLAN HORMATYŇ, GEPLEŞIKLER MEDENIÝETINIŇ, YNANYŞMAGYŇ HEM-DE DÖWLETLERIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLARYŇ KESGITLILIGINIŇ GAÝTARYP GETIRILMEGI DERWAÝYSDYR»

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde eden çykyşynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň pikirimizçe, ýakyn ýyllarda global proseslerde durnukly orunlaryň gazanylmagy maksady bilen, Arkalaşygyň ykdysady özara hereketleriniň ösdürilmegi, umumy senagat, gor, tehnologiki mümkinçilikleriniň ulanylmagy öňe çykýan meseleleriň hatarynda bolar», diýip belläp geçdi.       

Şeýle hem Döwlet Baştutany, Türkmenistanyň Arkalaşygyň Ýewropa ugruna çykmagy bilen, Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerinde ulag-logistiki geçelgeleriniň döredilmegi boýunça birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürendigini nygtady. 

2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär, çünki bu GDA döwletleriniň aglabasy üçin derwaýys mesele bolup durýar.

Özara hereketleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan ählumumy howpsuzlygynyň emele gelen binagärliginiň bilelikde goralmagyny, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň saklanylmagyny öňe çykarýar we bu ugurda dünýä syýasatyna hukuga bolan hormatyň, gepleşikler medeniýetiniň, ynanyşmagyň hem-de döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitliliginiň gaýtaryp getirilmegi derwaýys häsiýete eýe bolýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreleri jemlemek bilen, Türkmenistanyň Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirilýändigini beýan etmek bilen, Milletiň Lideri Arkalaşygyň agza ýurtlaryny bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň durmuş-ykdysady netijeleriniň peseldilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, umumy çemeleşmeleriň hem-de usulyýetleriň işlenilip düzülmegi üçin ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça özara hereket etmegiň has netijeli gurallarynyň döredilmeginiň zerurlygyny beýan edildi.  

Medeni-ynsanperwer ulgam GDA-nyň döwletleri hem-de halklary üçin berk hem-de ygtybarly binýat bolup durýar. Biz ýola goýlan gatnaşyklaryň saklanylmagyndan hem-de pugtalandyrylmagyndan, olaryň täze görnüşler bilen baýlaşdygylmagyndan ugur alýarys, diýip Türkmenistanyň Baştutany belläp geçdi.