TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP DAŞARY ÝURTLARDA ÇAP EDILEN ÝÖRITE NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnallaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de döwletimiziň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän ýörite sanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän Türkmenitsanyň Ilçileri we konsullary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriýa Respublikasynyň «Galkynysh», Hindistan Respublikasynyň «Business Central Asia», Pakistan Yslam Respublikasynyň «The Diplomatic Insight» atly žurnallarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sanlary tanyşdyrylyşa gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, türkmen gazet-žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurt žurnallarynyň redaktorlary çykyş etdiler.

Bu neşirlerde garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda we ulgamlarda gazanylan üstünlikler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň pähimli baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylan uly ähmiýetli özgertmeler barada gürrüň berilýär. Şunuň bilen birlikde, bu žurnallaryň sahypalarynda ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň sosial we medeni durmuşy baradaky suratlar bilen bezelen makalalar ýerleşdirilendir. Mundan başga-da bu neşirlerde sebitiň döwletleri bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky makalalar çap edildi.