TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 15-nji iýulda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň meselelerine jikme-jik seredip geçdiler. Iki ýurduň köpugurly düzümleriň çäklerindäki başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeler görnüşindäki hyzmatdaşlyk guralynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň ilerledilmegindäki aýratyn netijeliligi bellenilip geçildi.

Ikitaraplaýyn türkmen-täjik hereketleriniň oňyn depginini nygtamak bilen, ministrler söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketlerine, ulag, oba hojalygy, suw ulanyş we beýleki ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler. Şeýle-de ministrler iki ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketlerini giňeltmegiň meselelerine hem seredip geçdiler.

Howpsuzlyk hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ulgamyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugruny düzdi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň goňşy Owganystanda syýasy durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen tagallalarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.