Daşoguz we balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň üns merkezinde orak möwsüminde degişli derejede guramaçylygy üpjün etmek, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly bolmagyny gazanmak meseleleri boldy.

Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri baradaky hemişelik aladasy, obasenagat toplumyny tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilip geçirilýän üstünlikli özgertmeler, ekerançylaryň mynasyp durmuşda ýaşamagyna we netijeli zähmet çekmegine döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ilkinjileriň hatarynda galla oragyna başlamaklyk Görogly etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň paýyna düşdi. Bu ýerde bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirildi: altynsow sünbüller dok däneleri bilen gözüňi dokundyrýar.

Hormatly ýaşulular halkymyzyň asyrlardan bäri ýola goýlan asylly däbine görä, Beýik Biribardan hasylyň üstünlikli ýygnalmagyny dileg edip, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler.

Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.

2021-nji ýylyň galla oragynda bugdaý ýygýan kombaýnlaryň 439-sy, esasan, ABŞ-nyň “John Deere” hem-de Germaniýanyň “CLASS” kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar. Olary dolandyryjylar tejribeli mehanizatorlardyr. Mehanizatorlaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda satyn alnan, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň sanly telemetrik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan, iň täze döwrebap oba hojalyk tehnikalarynda işlemekleri üçin ýörite hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.

Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 114-si gallaçylara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary hemme zerurlyklar — ýangyç, çalgy-ýag serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyklar bilen üpjün eder.

Mehanizatorlar, sürüjiler hem-de oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin şunuň ýaly ýagdaýlarda hökmany bolan zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olar üçin degişli durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guralar.

Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2195-si üpjün eder. Guradylandan we deslapky arassalanandan soň dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin goýlar, galan bugdaý bolsa un üçin gaýtadan işleniler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplardaky elewatorlarda saklanylmaga goýlar.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýyndadyr. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessine kesgitlärler.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin bölünip berildi. Bu ýerde hem doly bahaly hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin — meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi we güýzlük bugdaýa ideg ediş çäreleriň geçirilmegi babatda köp işler amala aşyryldy.

Bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 810-sy üpjün eder. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 26-sy işlär. Däne orujy kombaýnlaryň bolsa 162-si ulanylar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Türkmenistan” daýhan hojalygynda bugdaý meýdanynda geçirilen dabara has hem täsirli boldy. Asylly däbe görä, galla oragyna hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berildi.

Orak möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin welaýatda zerur bolan taýýarlyk işleri geçirildi. Däne orujy kombaýnlaryň onlarçasy meýdana çykaryldy. Olaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy, olar awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi.

Ajaýyp waka — Daşoguz we Balkan welaýatlarynda Watan harmanyna altyn dänäniň ilkinji tonnalarynyň ugradylmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň ýakasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guraldy, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Owadan bezelen milli ak öýlerde dabara gatnaşyjylara toý tagamlary hödürlenildi.

Estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans we folklor toparlary gallaçylar üçin ajaýyp aýdym-saz sowgadyny taýýarladylar. Türgenler hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnap almak wezipesini goýdy.