ТÜRKMENISTAN – IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ähmiýetili mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli gatnaşýar.

Taraplar şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we alternatiw çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Şunlukda, Türkmenistanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegi, şeýle-de energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna energotygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak maksady bilen «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy» tassyklanylandygy bellenilip geçildi.