ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.  

Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşamalary we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýurdumyzda girizilen «ASYCUDA» integrirlenen gümrük maglumatlarynyň ulgamy boýunça meselelere seretdiler.

Mundan başga-da, onlaýn-gepleşiklere gatnaşyjylar halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD hem-de awtomobil ulaglaryny hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar