TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN ÝOKARY DEREJEDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.

Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşykda Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew uly hormat bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoforumda çykyş edip, adamzat üçin uly wehim bolan wajyp meselä bagyşlanan bu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, onlaýn arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli we öz wagtynda geçirilýär. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny aýtmak isleýärin. Alyp barýan tutanýerli we ýokary derejeli işi üçin, bu guramanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biziň ýurdumyz bu möhüm halkara düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam eder hem-de oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen has netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, gaýragoýulmasyz bu çäreler we wezipeler bilen bir hatarda, häzirki döwürde geljek barada pikirlenmegiň möhüm borç bolup durýandygyny belledi.

Dünýä energetika bazarynda häzirki ýaly hiç wagt şeýle kynçylyklara gabat gelinmedi. Şeýle şertlerde adalatly we aýdyň ýörelgeler, deňhukuklylyk, döwletleriň bähbitlerini ykrar etmek we hasaba almak ýörelgelerinde dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerini ibermegi dikeltmek hem-de ýola goýmak aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Energiýa akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şu maksada ýetmegiň örän möhüm tarapy bolup durýar.

Ulag ulgamy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ulag gatnawlaryny, üstaşyr geçelgeleri çalt we doly möçberde dikeltmegiň, täze ugurlary gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu iş täze üpjünçilik ulgamlarynyň, örän uly giňişliklerde logistikanyň döredilmegini talap edýär. Şonuň netijesinde, köp sanly durmuş meseleleriniň çözülmegine, işsizligi aradan aýyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Jarnamanyň teklip edilen taslamasyny goldaýandygyny belledi we duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we üstünlik, Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň halklaryna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça öňe süren başlangyçlary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde netijeli syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.