TELEKEÇILIK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ASTRAHAN GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.   

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.   

Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Halkara deňiz-söwda portunyň arasynda awtoparom gatnaşyklaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ünsi söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine çekildi, hususan-da dokma, himiýa we azyk önümleriniň üpjünçiligine gyzyklanma bildirildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň bazaryna Astrahan oba-hojalyk öndürijileriniň önümlerini çykarmak, Astrahan oblastyny bolsa Türkmenistanda öndürilen magdan däl materiallar we dokma harytlar bilen üpjün etmegi gurnamak meseleleri babatda pikir alyşdylar.      

Mejlisiň ahyrynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işiň gidişi bilen hoşallygyny bildirip, taraplar türkmen we astrahan işewürliginiň wekilleriniň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seredip geçdiler.