TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler, şeýle hem çalt ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da daşky gurşawy goramak we oba hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy barada nygtadylar.

Şeýle hem WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi”  taslamasy ýaly uzak möhletli taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistanyň tekliplerini öňe sürmek meselelerine seredip geçdiler.