TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda guralan onlaýn sapagyň temasy «ÝUNESKO: Ýüpek ýollary we gadymy Merwiň tutýan wajyp orny» diýip atlandyryldy.
Bilşimiz ýaly, «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy umumadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Leksiýanyň dowamynda meşhur arheolog Merwiň bu abraýly sanawa goşulmagynyň esasy aýratynlyklary, onuň gaýtalanmajak siwilizasiýa hökmünde ylym-bilim, sungat-medeniýet ýaly ugurlarda gülläp ösmeginiň esasy sebäpleri dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek bilen, hut Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigi sebäpli Merwiň öz döwrüniň beýik şäherleriniň biri bolandygy hakynda anyk delilleri getirdi.
Bu bolsa talyplara ýurdumyzyň çäginde ýerleşen «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan mynasyp goşandy hakyndaky bilimlerini artdyrmaga giň mümkinçilik berdi.