BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞ GURAMASYNYŇ (UNIDO) HÜNÄRMENLERI BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) hünärmenleri bilen onlaýn maslahatlaşma duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda halkara guramalarynyň agza ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklary bilen halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy.

Bu nukdaý-nazardan, UNIDO-nyň hünärmeni, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we senagaty ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň yzygiderli çemeleşýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň
UNIDO bilen, hususan-da, dokma we haly senagaty bilen netijeli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.

Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlarynda Türkmenistanyň ýeňil senagatynyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.