TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNYŇ DÜZÜMINE SAÝLANYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.
Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň iki sany möhüm düzümine saýlanmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, häzirki zaman dünýäniň möhüm meseleleriniň çözgüdinde biziň ýurdumyz tarapyndan saýlanylyp alnan halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň dogrulygynyň, biziň syýasatymyzyň howpsuzlyk, öňe gidiş we durnukly ösüş maksatlaryna laýyklygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.