TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapyndan döwlet serhedindäki gümruk gözegçiligini gurnamagy kämilleşdirmek boýunça BGG-ň öňdebaryjy tejribesini öwrenmekde we özleşdirmekde, şeýle hem, bu ugurda milli kanun çykaryjy esaslaryny özgertmek maksady bilen, Guramanyň düzümindäki bölümçeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly gyzyklanma bildirildi.

Taraplar gümrük işi bilen bagly milli we halkara hukuk binýadyny has-da berkitmek, bu ugurdaky bar bolan kanunçylyk namalaryny seljermek we täze zerur resminamalary işläp taýýarlamak boýunça tagallalary dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet Gümruk gullugynyň düzümindäki bölümçeleri enjamlaşdyrmak meselesi barada aýdylanda, hazirki wagtda ýurtdaky
gümruk-geçiriji nokatlarynyň dünýäde iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilenligi bellenildi.