SEBITDÄKI WE DÜNÝÄDÄKI YKDYSADY ÝAGDAÝY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN HALKARA PUL GAZNASY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň ýolbaşçylary, Halkara pul gaznasynyň wekilleri şeýle hem, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň döwletleriniň maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän ykdysady häsiýetli meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit we halkara gün tertibi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň çäklerinde biziň ýurdumyz tarapyndan hökümet derejesinde täze görnüşli wirusyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan global çökgünliginiň ýaramaz täsirleriniň peseldilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda hem gürrüň edildi.
Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna täsir edýän howplar we wehimler barada gürrüň edip, taraplar olaryň netijeli çözülmegi ugrundaky bilelikdäki çärelere seredip geçdiler we ykdysady integrasiýasynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.