TÜRKMEN-ÖZBEK DUŞUŞYGYNYŇ DOWAMYNDA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERINE SEREDILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ministrleriň orunbasarlary derejesinde Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň derejesine, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleriniň, oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň eksportynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gidişine seredip geçdiler. Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýeti barada bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar bilelikdäki giň gerimli infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak babatda pikir alyşdylar.