ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair Beduel bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýatlyk edýän türkmen halkynyň taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamynda özara hereket etmekligi belläp geçdiler.

Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler, hususan-da, maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak hem-de ýaýbaňlandyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda hanym Şamila Nair Beduel ilatyň arasynda ÝUNESKO-nyň ähmiýetini we oňa garaýyşlaryny giňeltmek boýunça halkara bilermenleriniň duşuşyklarynyň guralmagynyň zerurlygyny belläp geçdi. Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet we maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.