ÝB-NIŇ «TÜRKMENISTANDA BILIM ULGAMYNA GOLDAW» ATLY TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy geçirildi.  

Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso we taslamanyň ýolbaşçysy Ştefan Ziwert dagylar gatnaşdylar.  

Sessiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýedinji hasabat döwri boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty diňlediler we taslamanyň tamamlanmagyna çenli çäreleriň meýilnamasy bilen tanyş boldular. Bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem öňdebaryjy halkara tejribesiniň ulanylmagy bilen Türkmenistanyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw bermekden ybarat bolup durýar we bu öz nobatynda ýurdumyzyň sanly bilim konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça döwlet maksatnamasyna doly laýyk gelýändir.  

Duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň çäklerindäki ýerine ýetirilmeli geljekki hereketler dogrusynda pikirleri alyşdylar we bilim ulgamynyň mugallymlarynyň hem-de hünärmenleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilen çäreleriň, şeýle-de web-saýtlarynyň, elektron kitaphanalarynyň işlenilip düzülmegi boýunça geçirilen geňeşmeleriň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.