TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şonuň ýaly-da, serhetýaka hyzmatdaşlyk, ulag-üstaşyr geçelgeler boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi barada ylalaşyldy.