TÜRKMENISTANYŇ DEMIRÝOLÇULARY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ “TRANSMAŞHOLDING” PJ BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” Paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” APJ-niň we Transmaşholding” PJ-niň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Web-ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde taraplar teplowozlaryň, şeýle-de olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiligi we üpjünçiligi, abatlaýyş we lokomotiw toparlaryna okuwlaryň geçilmegi, teplowozlara hyzmat etmegiň tertibi ýaly meseleler boýunça pikirleri alyşdylar.
Mälim bolşy ýaly, “Transmaşholding” ulag maşyngurluşygy pudagynda Russiýada öňdebaryjy orunlary eýeleýär we şunuň bilen birlikde hem Türkmenistan ulag-logistika ulgamynda taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändir.