SERGILERIŇ HALKARA BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary jenap Dimitri Kerkenzes bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we EXPO - Dubaý halkara sergisiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Onlaýn gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar, Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan gepleşikleriň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.
Hususan-da, taraplar şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” atly halkara maslahatyň işine jenap D.Kerkenzesiň gatnaşmagy baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler.
Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan eksporta gönükdirilen harytlar we hyzmatlar boýunça wirtual serginiň taslamasy üçin SHB-nyň bilermenleriň maslahatyny we kömegini bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.