«ТÜRKMENNEBIT» DK-NIŇ WE «ТATNEFT» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 8-nji aprelinde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar.
Onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn özarabähbitli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn nygtap geçdiler.
Şeýle hem ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar «Türkmennebit» DK-niň nebit kärhanalarynyň ýataklarynda alnyp barylýan geologiýa-tehniki amallaryna degişli pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar käbir nebit kärhanalaryny hem öz içine almagy bilen bir hatarda guýularyň düýpli abatlamasy we ýanaşyk ugurlarynyň burawlamasy boýunça hyzmatlary bermek işleriniň geriminiň giňeldilmegi babatynda deslapky ylalaşyklar gazanyldy.